Noýabrda Aşgabat şäherinde "TürkmenTEL 2023" maslahaty we sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabrda Aşgabat şäherinde "TürkmenTEL 2023" maslahaty we sergisi geçiriler
“TürkmenTEL 2022” atly XV halkara sergisi, 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "TürkmenTEL 2023" atly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu barada "Türkmenaragatnaşyk" agentligi habar berdi. 

Şeýle hem iki günläp dowam etjek Forumyň maslahatyna we sergisine Türkmenistanyň we halkara jemgyýetçiliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynyň wekilleri we öňdebaryjy resmileri özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, işewürlik gatnaşyklaryny alyp barmak üçin ýygnanarlar. 

"TürkmenTEL 2023" atly forumda täze tehnologiýalar görkezilip, özara gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikler dörediler. 

"TürkmenTEL" maslahaty we sergisi milli mobil, telefon, hemra we poçta aragatnaşyk operatorlarynyň resmi goldaw bermegine "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan guralýar. 

Halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýum, sanlylaşdyrmak, hemra tehnologiýalary hem-de kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar maslahatyň esasy mazmunyny düzer

2022