Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy geçirildi.
Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde suw çüwdürimler toplumy, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Seýilgähiň uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deňdir.
Şeýle-de A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde ýerasty geçelgeler gurlup ulanylmaga berildi. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hormatly ýaşululary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.