Türkmenistanyň Prezidenti “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyşyna gatnaşdy
“Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 22-nji maýy, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy. 

Habarda bellenilişi ýaly, desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar.

Bu desgadan alnan we barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna, Halkara standartlaşdyrma guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär.

2022