25.01.2024
01.02.2024

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi binalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

  1. Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň Mülksyçmaz obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny gurmak;
  2. Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn oba saglyk merkeziniň gurluşygy;
  3. Ýolöten etrabynyň saglyk öýüniň durkuny täzelemek;
  4. Sakarçäge etrabynyň kuwwaty 1 gije-gündizde 10000 m3 bolan lagym arassalaýjy desganyň täze gurluşygy;
  5. Ýolöten şäherinde 1 sany 10000 m3 bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-77-13

+993 (522) 6-00-34

Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022