Rýazanyň telekeçileri türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini öwrenýärler

BT
Rýazanyň telekeçileri türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini öwrenýärler
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024” atly halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 3-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Russiýa Fedrasiýasynyň Rýazan oblastynyň telekeçileri türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini we Aşgabatda geçiriljek halkara sergä taýýarlyk meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Andreý Hripunow bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşuşyk Rýazan oblastynyň Ösüş agentliginiň guramagynda “Söwda wekili bilen bir sagat” atly çäreler toplumynyň çäklerinde wideomaslahat görnüşinde geçirildi. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, şu ýylyň 3-nji noýabrynda açyljak “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” atly halkara sergisine Russiýanyň degişli sebitiniň gatnaşmagy maslahatlaşmalaryň özeninde duran meseleler boldy.

Rýazan sebitiniň kärhanalary toparlaýyn diwarlykda öz önümleri bilen tanyşdyryp bilerler. Bu çäre Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan gurluşyk pudagynda öz kompaniýalary bilen tanyşdyrmak üçin iň amatly mümkinçilikdir diýip, Hripunow belledi.

Söwda wekiliniň bellemegine görä, ýurtda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalarynyň çäklerinde daşyndan getirilýän gurluşyk we senagat önümlerine bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şeýle hem türkmen bazarynda himiýa we energetika pudagyna degişli önümlere islegiň ýokarydygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň aýratynlyklary, şol sanda şahadatnamalaşdyryş işine bildirilýän talaplar, gümrük işlerini resmileşdirmegiň düzgünleri we eksport edijileri goldamak boýunça döwlet tarapyndan görülýän çäreler barada maglumat aldylar.

2022