Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti Aşgabada geldi

BT
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti Aşgabada geldi
Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy, professor Erol Özwar (Surat: THP)

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy, professor Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 21 – 24-nji maýda Aşgabatda saparda bolýar. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak saparyň esasy maksadydyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. 

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa we bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Taraplar degişli düzümleriň özara gatnaşyklaryny berkitmegi hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşarlar. 

Wekiliýet Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary bilim edarlary bilen hem gepleşikleri geçirer. Şolaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bar. 

Saparyň maksatnamasy medeni çäreleri hem öz içine alýar. Türkiýäniň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler. 

2022