Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni bilen Azerbaýjany gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni bilen Azerbaýjany gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 2-nji marty, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Ilham Aliýewi we Azerbaýjanyň doganlyk halkyny mähirli gutlady. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hatynyň soňunda azerbaýjanly kärdeşine berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

2022