20-nji maýda Aşgabatda şu ýyl halkara IT bazarynda işlemeginiň 25 ýyllygyny we Türkmenistanda iş alyp barmagynyň 17 ýyllygyny belleýän “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň guramagynda “Fintech Evolution” maslahaty geçirildi. Bu çäre bank ulgamynyň, döwlet we poçta edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de tehnologiýa boýunça iş alyp barýan klasterleriň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Çäräniň hyzmatdaşlarynyň biri bolup sanly çözgütleri işläp taýýarlaýan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bank ulgamlaryny özgertmek işlerine işjeň gatnaşýan “Rocket Tech” kompaniýasy çykyş etdi.
“Fintech Evolution” bank ulgamynyň sanly tehnologiýalarynyň geljegi barada hünärmenleriň özara pikir alyşmaklary, şeýle hem tejribe alyşmak we ýurduň ykdysady özgertmelerini has ýakynlaşdyryp biljek çözgütler bilen tanyşdyrmak üçin açyk meýdança öwrüldi.
Çäräniň işewürlik maksatnamasy şu mowzuklardaky çykyşlary öz içine aldy:
- Bankyň sanly ösüşiniň ýol kartasy
- Finteh ugurlary: ählumumy we sebit ýörelgeleri
- Emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşy we awtomatlaşdyrylan bank ulgamlaryna maşyn tehnologiýalaryny ornaşdyrmak
- CRM ulgamynyň kömegi bilen Merkezi Aziýanyň banklarynda görkezijileri gowulandyrmak
- Utgaşdyryş çözgütleri: Smart Data Hub we 3.1 Serwer Howpsuzlygy
Denis Ýudin, “Colvir” kompaniýasynyň işewürlik ösüşi boýunça bölüminiň direktory:
“Colvir” kompaniýasynyň bank ulgamyna degişli bolan şeýle maslahaty Türkmenistanda eýýäm üçünji gezek geçirilýär. Bizde gowy däbiň – hünärmenler derejesinde duşuşyklaryň ýola goýulandygyna men örän şat. Bu gün biz diňe bri “Colvir-iň” önümleri barada däl, eýsem, onuň geljegi: ugurlary, kuwwatlyklary we täze mümkinçilikleri barada söhbet etdik. Biz Türkmenistanyň banklary üçin has peýdaly etmek üçin özümiziň hyzmatdaşlarymyzy hem bu çärä çagyrdyk. Biziň öňümizde köpsanly bilelikdäki işlerimiz bar. Şu günki ara alnyp maslahatlaşylan finteh-ugurlaryň aglabasy bolsa eýýäm ýakyn geljekde hakykata öwrülip biler”.
Bank ulgamlarynda emli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşyna hem-de “Colvir-iň” utgaşdyrylan çözgütlerine – Howpsuzlyk Serwerine we “Smart Data Hub” merkezine bagyşlanan çykyşlar gatnaşyjylarda çuňňur gyzyklanma döretdi. Bank ulgamynyň wekilleri olary we ugurdaş mowzuklary geljekki çäreleriň, şol sanda sanly ulgam arkaly geçiriljek çäreleriň dowamynda has giňişleýin öwrenmäge isleglerini beýan etdiler.
Stanislaw Malinin, “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň satuwdan öňki işler boýunça menejeri:
“Biz emeli aň tehnologiýasynyň we maşyn öwretmesiniň işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, töwekgelçilikleri azaltmakda we müşderileriň tejribelerini gowulandyrmakda häzirki döwürde bank edaralaryna näderejede kömek edýändigini görkezdik. Bank edaralaryndaky kärdeşlerimiz bilen birlikde biz emeli skoring, şahsylaşdyrylan teklipler, galplyga garşy göreşmek ulgamy ýaly has geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdyk. Biziň banklara maslahatymyz: Netijesini dessine berýän amaly çözgütlere başlamaly we ädimme-ädim içerki ygtyýarlyklary gurmaly. Eger-de netijesini dessin berýän uly bolmadyk çözgütlerden başlanýan tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň ýolundan gidilse, onda ýene birnäçe ýyldan emeli aň bäsdeşlige ukyply aýratynlyga eýe bolan peýdaly gurala we Merkezi Aziýanyň bank ulgamlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Şeýle hem biz banking we finteh ulgamynda ählumumy ýörelegeler barada paýlaşdyk. Biziň pikirimize görä, bular Türkmenistanyň hünärmen jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Öňe sürlen ähli başlangyçlaryň we tejribeleriň ýurduň tehnologiýa özgerişi üçin peýdaly boljakdygyna ynanýarys we bu babatdaky işleriň ösüşine uly goşant goşjakdygyna şatdyrys”.
“Colvir” kompaniýasynyň Okuw merkezi tarapyndan geçirilýän “Fintech Evolution” maslahaty “Colvir” bank ulgamyny öwrenmek boýunça netijeli okuwlary dowam edýär. Oňa gatnaşyjylar geçirilen çärä hem geldiler.
Lomanow Diýar, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky:
“Fintech Evolution” çäresi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy we pikirlenmek üçin köp zatlary eçildi. Biz ählumumy ýörelgeler, giň gerimli tehnologiýa özgertmeleri, şeýle hem utgaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak işiniň bank ulgamyny näderejede özgerdýändigi barada gyzykly maglumatlary diňledik. Bu ýerli täsirlere täzeçil garamaga we biziň öňümizde nähili wehimleriň we wezipeleriň durandygyna akyl ýetirmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, men “Colvir” okuw maksatnamasyna gatnaşýaryn we Okuw merkeziniň toparyndan has köp zatlary öwrenmek hem-de ony öz işimde peýdalanmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.
Çärede “Colvir” kompaniýasynyň wekilleri kompaniýanyň ýubileý senesiniň dowamynda Türkmenistanda geçiriljek täze bilim, işewürlik we tehnologiýa başlangyçlaryna girişmek boýunça meýilnamalar barada mälim etdiler. Şolaryň hatarynda hakatonlar, tejribelikler, ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikdäki taslamalar, IT mekdepler, tehnologiýa klasterleri bar. Kompaniýa eýýäm bar bolan başlangyçlary goldamaga taýýardygyny beýan etdi hem-de bank we ylym-bilim jemgyýetçiligini üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Kompaniýa barada
2000-nji ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylan “Colvir Software Solutions” kompaniýasy banklaryň, poçta edaralaryň, kärhanalaryň we döwlet maliýe düzümleriniň maliýe we hojalyk işlerini awtomatlaşdyrmak üçin utgaşdyrylan toplumlaýyn çözgütleri işläp düzmäge, ornaşdyrmaga we goldamaga ýöriteleşendir.
Işläp başlan döwründen bäri kompaniýa banklar, poçta edaralary, kärhanalar we döwlet maliýe düzümleri üçin önümleri işläp taýýarlady we olaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Geçen onýyllyklaryň içinde kompaniýanyň görkezilen önümleriniň binýadynda GDA-a agza ýurtlarda we onuň çäklerinden daşarda 600-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi.
“Colvir Software Solutions” kompaniýasy Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Häzirki döwürde “Colvir-iň” IT çözgütlerini Türkmenistandaky banklaryň 80 göterimi ulanýar. Durnukly ykdysady ösüş, bank ulgamynyň bilermenler jemgyýetçiligini döretmek we döwrebap töleg hem-de maliýe gurallaryny ösdürmek kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy maksatlarynyň hataryndadyr.