Türkmenistanyň Prezidenti we IWF-niň ýolbaşçysy agyr atletika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti we IWF-niň ýolbaşçysy agyr atletika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jalud (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji maýda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak üçin sapar bilen Aşgabada gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mohammed Jalud mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol şeýle Aşgabada ozalky saparlaryny, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny hem-de 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýatlap, türkmen paýtagtynyň gaýtalanmajak gözellige eýedigini, özüneçekijidigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek syýasatyna Türkmenistanyň ygrarlydygy hem-de ýurduň bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Komiteti we beýleki sport federasiýalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar şu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm ädim boljakdygyna we sport ulgamynda geljekki bilelikdäki başlangyçlar we taslamalar üçin möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin IWF-niň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.

2022