Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasy Lew XIV-i tagta geçmegi bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasy Lew XIV-i tagta geçmegi bilen gutlady
Messa gelýärkä Papa Lew XIV wezipä bellenmek dabarasyna gatnaşmak üçin Watikana ýygnananlary mübärekleýär, 2025-nji ýylyň 18-nji maýy, (Surat: OSV News/Endi Abeýt, Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rim Papasy Lew XIV-e tagta geçmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda mähirli gutlaglaryny beýan etdi hem-de Papa Lew XIV-iň adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, jebisligini we parahatçylygyny pugtalandyrmakda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Rim Papasyna berk jan saglyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Watikanyň Keramatly Petr meýdançasynda geçirilen täze Rim Papasy Lew XIV-iň tagta geçmek dabarasyna hem gatnaşdy.

2022