Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi

BT
Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi
Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty, 2025-nji ýylyň 14-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

14-nji maýda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işini tamamlady. Iki günlük çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigaty goramak edaralarynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň edaralarynyň wekillerini we bilermenlerini sebitiň howa wehimlerine utgaşdyrylan çemeleşmeleri maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.

Maslahatyň ikinji gününde tutuş sebit üçin umumy mesele bolan landşaftlary serhetüsti dikeltmek we ýerleriň sandan çykmagyna garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar landşaftlary we tokaýlary dikletmekde, tebigaty goramak ugurly çözgütleri we sanly innowasiýalary ulanmakda milli tejribeleri özara alyşdylar.

Geçirilen maslahatlaşmalar degişli ugurda bilelikdäki we utgaşdyrylan tagallalaryň zerurdygyny nygtady. Ugurdaş geçirilen bölümçelerde gaýtadan dikeldilýän energetika, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we halkara borçnamalary ýerine ýetirmek ugurlaryna garaldy. 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriljek howa sammitine sebit derejesinde, şeýle hem BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna (COP30) taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Garalan meseleler degişli ugurda bitewi sebit garaýşynyň möhümdigini nygtaýar.

Maslahatyň dowamynda tokaý zolaklaryny döretmek, ýerleriň meliorasiýasy, çölleşmä garşy göreşmek we Aral deňzini halas etmek boýunça çäreler arkaly Türkmenistanyň döwlet derejesinde ekologiýa wezipeleriniň üstünlikli çözülýändigi nygtaldy. “Gök zolak” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda her ýyl agaç nahallarynyň millionlarçasy ekilýär.

Geçirilen çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa wehimlerine umumy garaýşynyň bardygyny we olaryň maslahatlaşmalardan amaly hereketlere geçmäge taýýardygyny tassyklady. Sebitiň howa gün tertibini döretmek we öňde boljak sammite taýýarlyk boýunça işler dowam edýär.

CACCC-2025 maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa meselelerine has durnukly geljege geçmegine ýardam bermek üçin degişli maksatnamalary ylalaşmak we maliýe hem-de syýasy goldawlary çekmek üçin meýdança bolmaga gönükdirildi.

2022