Türkmenistan-Ispaniýa: Hökümetara topar ýa-da Işewürlik geňeş döretmeklik maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan-Ispaniýa: Hökümetara topar ýa-da Işewürlik geňeş döretmeklik maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Ispaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli, Madrid, Ispaniýa (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň we Ispaniýanyň wekilleri penşenbe güni Madrid şäherinde daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerini geçirdiler. Onda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen Hökümetara toparyny ýa-da Işewürlik geňeşini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmen wekiliýetine ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ispan tarapyna bolsa Ispaniýanyň DIM-iniň halkara işler we dünýä meseleleri boýunça döwlet sekretary Diýego Martines Belio başlyklyk etdiler.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şol sanda syýasy dialogy işjeňleşdirmegiň, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklere gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýakyndan ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara meýillerini tassykladylar.

Şeýle hem şol gün Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Ýerine ýetiirji direktory Zorisa Uroşewiç bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýahatçylygy ösdürmegiň geljegi we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022