Aşgabatda “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler

BT
Aşgabatda “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi, 2023-nji ýylyň 4-nji apreli, Aşgabat (Surat: TDH)

11 – 13-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergi dokma enjamlaryndan we nah çig maly gaýtadan işlemekden lybaslaryň, aýakgaplaryň we hojalyk esbaplarynyň önümçiligine çenli giň ugurlary tanyşdyrar. Şeýle hem himiýa, boýag we bezeg serişdeleri, mebeller we öňdebaryjy tehnologiýa işläp taýýarlamalary görkeziler.

Bu çäre dünýäniň dokma we moda senagatynyň ýolbaşçylaryny, täze önümleri öndürijileri hem-de zehinli dizaýnerleri bir ýere jemlär.

“Turkmentextile Expo-2025” gatnaşyjylara degişli pudakda soňky gazanylanlar bilen tanyşmaga, işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga we dokma pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikleri döreder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022