Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny $2 milliarda çenli artdyrmakçy

BT
Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny $2 milliarda çenli artdyrmakçy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: president.uz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Samarkant şäherinde gepleşikleri geçirdiler. Onda özara söwda dolanyşygyny ýakyn ýyllarda 2 milliard dollara çenli artdyrmak wezipesi goýuldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär. 

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ösüşine ýokary baha berip, hökümetara gatnaşyklaryň, işewürlik we medeni çäreleriň işjeň häsiýetini hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini bellediler. 2024-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşyk 1,1 ABŞ dollaryna barabar boldy. 

Energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. “Şawkat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Medeni maksatnamanyň çäklerinde taraplar gadymy Hywa şäherinde üçünji sebit forumyny geçirmegiň we Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini bellediler. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygy, şol sanda Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa plýus” sammitine we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek forumyň möhüm ähmiýetini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti “Hakyda göwheri” atly kitabynyň özbek diline terjime edilen nusgasyny Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurdy. 

2022