Türkmenistanyň paýtagtynda 19-njy aprelde bilermenleri, telekeçileri we maliýe sowatlylygynyň ugurlary boýunça gatnaşyjylaryň köpsanlysyny bir ýere jemlän ilkinji “FinFest Turkmenistan 2025” çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşmesiniň goldawy bilen guralan çärä “Ygtybarly maliýe merkezi” we “Açyk ýürek” hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasy pudagyň öňdebaryjy bilermenleriniň çykyşlaryny öz içine aldy. Şolaryň hatarynda Olga Çaryýewa, Sergeý Mineýew, Nurmyrat Annamyradow, Çary Faýzullaýew, Maksat Annaýew we Jeren Rejepowa dagylar gatnaşdylar. Olaryň çykyşlary maliýe işinde özüňi alyp barmagyň psihologiýasyndan başlap, şahadatnamalaşdyrylmadyk programma üpjünçiligiň işewürlige salýan howpuna çenli dürli temalary öz içine aldy.
Festiwal banklaryň, ätiýaçlyk we maýa goýum kompaniýalaryň wekilleri bilen açyk gepleşikler üçin amatly meýdança boldy.
“FinFest” – munuň özi janly dialog, tejribe alyşma we maliýe habarlylygyna tarap ädimdir” diýip, “Açyk ýürek” hojalyk jemgyýetiniň direktory Olga Çaryýewa aýtdy.
Çäräniň maksatnamasy maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek we Türkmenistanda ýaýratmak barada bilermenleriň çykyşlaryny hem-de pikir alyşmalaryny özünde jemledi.