Türkmenistanyň ilçisi Belgiýadaky Ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinskä Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Roberto Metsolynyň 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy üçin çakylyk gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Çakylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşuryldy.
Duşuşygyň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parahatçylyk dialogyny ösdürmegiň we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda paralamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Gepleşiklerde BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyçlary barada aýratyn durlup geçildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.