Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
“IndiaTimes-iň” maglumatlaryna görä, Pahalgam şäherinde (Jammu we Kaşmir) bolan we 28 adamyň pidasyna getiren pajygaly wakadan soň, serhetüsti terrorçylyga goldawyna jogap hökmünde Hindistan Pakistana garşy birnäçe diplomatik çäreleri amala aşyrdy.