“TEIF-de” “PETRONAS-yň” ýolbaşçysy: Türkmenistanyň dünýä energetikasyndaky orny artýar

BT
“TEIF-de” “PETRONAS-yň” ýolbaşçysy: Türkmenistanyň dünýä energetikasyndaky orny artýar
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025), 2025-nji ýylyň 23-nji apreli, Kuala-Lumpur, Malaýziýa (Surat: BT)

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) “PETRONAS” toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik Kamadjaa Aziz dünýäniň energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň barha artýan ähmiýetine ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Tengku Taufik Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli ýerde ýerleşýändigini, baý serişdeleriniň we öňdengörüji döwlet syýasatynyň netijesinde ýurduň häzirki wagtda energetika bazaryna işjeň gatnaşyja öwrülýändigini belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň ynamly ykdysady görkezijileri barada durup geçdi. Ýurduň JIÖ-siniň ösüşi 2024-nji ýylda 6,3 göterime ýeten bolsa, şu ýyl onuň 6,5 göterime ýetjekdigi çaklanylýar. Muňa senagat ösüşi we sanly özgertmeler uly ýardam edýär.

“PETRONAS-yň” ýolbaşçysy şeýle hem kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýandygyny belledi. Şunda deňiz böleginde önümi paýlaşmak, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde her ýyl 5 milliard kubmetr gazy we 2,4 million tonna kondensaty gaýtadan işlemäge ukyply gazy gaýtadan işleýän zawodyň we terminalyň işe girizilmegi hakynda ilkinji ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda öz işine başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022