Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlar boýunça halkara forum başlandy

BT
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlar boýunça halkara forum başlandy
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025), 2025-nji ýylyň 23-nji apreli, Kuala-Lumpur, Malaýziýa (Surat: BT)

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli foruma gatnaşyjylary gutlady. “Sizi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda nygtalýar.

Forum dünýäniň energetika pudagynda möhüm orun eýeleýän düzümleri – milli kompaniýalardan başlap, “CNPC”, “Dragon Oil”, “Petronas”, “Mitro” we “ENI” ýaly iri halkara korporasiýalary bir ýere jemledi.

Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan  işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar forumda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar. Deňiz çäklerindäki 21 we 23 belgili bloklary, Günbatar Çeleken ýatagyny gaýtadan işlemegiň, iri uglewodorod ýataklary, şol sanda dünýäde iň irileriň biri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmegiň maýa goýum mümkinçiliklerine çärede aýratyn üns çekiler.

Forum “Türkmen Energiýa Forum” toparynyň başlangyçly goldawlary bilen, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.

2022