Gurbanguly Berdimuhamedow Yssyk-Köldäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Yssyk-Köldäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Yssyk-Köldäki “Ruh-Ordo” medeni merkezinde, 2025-nji ýylyň 22-nji apreli, Gyrgyzystan (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Gyrgyz Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde sişenbe güni Çolpon-Ata sebitindäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi.

Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministri Mirbek Mambetaliýew Yssyk-kölüň kenarynda ýerleşýän açyk asmanyň astyndaky muzeý bilen tanyşdyryp, toplumyň dörediliş taryhy barada gürrüň berdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň milli saz guraly – komuz görnüşinde bina edilen gaýyk duralgasyny synladylar. Bu ýerde ýokary derejeli ýolbaşçylar üçin komuzda milli sazlar ýerine ýetirildi. Aýdym-sazly çykyşlaryň ahyrynda Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatyň we medeni dostlugyň nyşany hökmünde komuz saz guralyny sowgat etdi.

Soňra ýokary derejeli ýolbaşçylar toplumyň golaýynda ýerleşýän radon himiki elementli çeşmäniň ýanyna bardylar. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti çeşmäniň suwunyň bejerijilik aýratynlyklary barada durup geçdi. Yssyk-Köl sebitiniň adam saglygyna oňyn täsirleri bolan meşhur müňlerçe çeşmeleriniň bardygy bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022