Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň iri kärhanalarynyň biri bolup durýan Bäherden ýüplük fabrigi 2025-nji ýylyň birinji üç aýynda bahasy 55 million 515 müň manatdan gowrak bolan ýüplük öndürdi.
Kärhana halkara hil ölçeglerine gabat gelýän 27/1 we 34/1 görnüşli ýüplükleri öndürmäge ýöriteleşendir. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Şu ýyl önümleriň bir bölegi eksporta ýerlenildi. Munuň özi türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplydygyny tassyklaýar.
1995-nji ýylda döredilen Bäherden ýüplük fabrigi Türkmenistanyň dokma pudagynyň ilkinji kärhanalarynyň biridir.