2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde altynyň 1 unsiýasynyň bahasy $3500-den aşyp, täze taryhy rekord görkezijä ýetdi. Altynyň nagt bahasy 2,2% artyp $3493,41-e, ABŞ-da altynyň fýuçersiniň bahasy bolsa 2,3% ýokarlanyp, $3502,40-a ýetdi diýip, “Reuters” habar berýär.
Bilermenler altynyň bahasynyň ýokarlanmagyny maliýe serişdelerini saklamagyň ygtybarly usuly hökmünde görülýän durnukly aktiwe bolan islegleriň artmagy bilen baglanyşykly diýip düşündirýärler.
2025-nji ýylyň başyndan bäri altyn 33% gymmatlap, häzirki wagtda iň bir girdejili aktiwleriň biri boldy. Muňa garamazdan, tehniki görkezijiler, şol sanda 79 derejä ýeten otnositel güýçleriň indeksi (RSI) gysga wagtlyk aşa satyn almalara getirip biler.
Beýleki gymmat bahaly metallaryň bahasy ýokarlandy: kümüşiň bir unsiýasy 0,3% ýa-da $32,80, platina 1,1% ýa-da $972,20, palladiý bolsa 2,2% ýa-da $948,14 gymmatlady.
Seljerijileriň garaýyşlaryna görä, bahalaryň geljekki depgini ählumumy makroykdysady şertlere, şol sanda merkezi banklaryň çözgütlerine, hümmetsizlenmäniň derejesine, maliýe bazarlarynyň ýagdaýyna bagly bolar.