Türkmenistan, Günorta Koreýa lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

BT
Türkmenistan, Günorta Koreýa lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler
Derýageldi Orazowyň “Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy, Seul, Günorta Koreýa (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Prezidentiniň  ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky döwlet komiteti hem-de Günorta Koreýanyň “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasy anna güni Seul şäherinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy iki ýurduň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda “Lotte” myhmanhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär. 
Çärä koreý tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň Lukmançylyk senagaty býurosynyň Baş direktory Çon Yn Ýon hem-de Lukmançylyk senagatyny ösdürmek boýunça koreý institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, degişli resminama gol çekilmegi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýurtlaryň özara tagalla edýändiklerini görkezýär. Arkadag şäherinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki taslama Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ösüşinde möhüm ädim bolar. 


Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Günorta Koreýanyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara duşuşyklary boldy. Gepleşiklerde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi. 
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda birleşmesiniň (KITA) başlygy Ýun Jin Sik bilen duşuşygy geçirildi.

 

2022