“Ak Bulut” “Baffle”, “Lamel” “Mesh” atly asma potoloklaryň önümçiligine başlady

BT
“Ak Bulut” “Baffle”, “Lamel” “Mesh” atly asma potoloklaryň önümçiligine başlady
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” atly halkara sergi, 2024-nji ýylyň 3 – 5-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Ak Bulut”)

“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti içerki bazarda uly gyzyklanma döreden “Baffle”, “Lamel” “Mesh” atly täzeçil görnüşli asma potoloklaryň önümçiligini işe girizdi. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Täze görnüşli önümler özüniň häzirki zaman dizaýny, ses geçirmeýändigi we ulanyşyň dürli şertlerinde aşa berkligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi binagärlerde we dizaýnerlerde uly gyzyklanma döredýär.

Kompaniýa şeýle hem gipskarton önümleri, gurluşyk garyndylaryny, ugurdaş ulgamlary, asma potologynyň başga-da birnäçe görnüşlerini öndürýär. “Ak Bulut” kärhanasynyň önümleriniň eksport edilýän ýurtlaryna Gruziýa, Ermenistan we Gyrgyzystan girýär.

2015-nji ýylda döredilen “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda asma potoloklary we ugurdaş ulgamlary öndürip başlan ilkinji kompaniýa bolup durýar.

2022