Aşgabatda söwda we önümleriň hili boýunça halkara sergi, maslahat geçiriler

BT
Aşgabatda söwda we önümleriň hili boýunça halkara sergi, maslahat geçiriler
"Türkmengurluşyk – 2019" atly halkara sergi, 2019-njy ýylyň 29-31-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda  “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu çäreler taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. 

Çärelere gatnaşmaga söwda toplumynyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary we guramalar çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde halkara bilermenler bilen geňeşmeleriň, eksporty, sanly marketingi ösdürmegiň meseleleri, önümleri sertifikatlaşdyrmaga bildirilýän talaplar boýunça maslahatlaşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, foruma 27 ýurtdan 63 kompaniýanyň we guramalaryň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Häzirki wagtda gatnaşjaklary hasaba almak işi dowam edýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi we halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022