Türkmenistan we ABŞ migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we ABŞ migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Braýan Gowarda Granjin bilen duşuşygy (Surat: migration.gov.tm)

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri sişenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Braýan Gowarda Granjin bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda, hususan-da, migrasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýolbaşçlarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli we okgunly ösdürilýän däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda migrasiýa ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna syn berildi. Iki tarap hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda wekiller migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy ýurduň migrasiýa ulgamyndaky işlerini dolandyrýan, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de migrasiýa babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022