Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew penşenbe güni Ankara şäherinde Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Çagry Erhan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşler şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi M.Işangulyýew bellenilýän ýubileý senäniň çäklerinde Türkmenistanyň möhüm başlangyçlarynyň we geçirmegi meýilleşdirýän halkara çäreleriniň konsepsiýasy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan öň, ýagny şu ýylyň 11 – 13-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Antalýa şäherinde geçirilen dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň işine gatnaşdy. “Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş” bölüminde çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary barada halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrdy.