Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Ahal welaýatyndaky lukmançylyk edaralaryna baryp gördi

BT
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Ahal welaýatyndaky lukmançylyk edaralaryna baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa (Surat: TDH)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. 

O.Atabaýewa saparynyň dowamynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu edaralar çagalaryň saglygyny dikeltmäge, olaryň bilim taýdan taýýarlyk derejesini üpjün etmäge ýöriteleşendir.

Köpugurly hassahanada bolmagynyň çäklerinde O.Atabaýewa çaga dogrulýan bölüminiň intensiw bejeriş otagyny synlady hem-de bu ýerde eneler we täze doglan çagalar üçin döredilen şertlere baha berdi. Gaznanyň wise-prezidenti Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çaga dogrulýan bölüminiň işi bilen hem tanyşdy.

Saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk işgärleri çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda döwlet goldawlarynyň möhüm ähmiýetini nygtap, işlemek üçin döredilýän mümkinçilikler we aladalar üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Saparynyň ahyrynda O.Atabaýewa sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde döredilýän şertleriň ýokary ähmiýetini nygtady we lukmanyçlyk işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022