Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry gurlar

BT
Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry gurlar
Tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, Ahal welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Degişli ylalaşyk "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen "Kawasaki Heavy Industries, Ltd." (Ýaponiýa), "Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi" (Türkiýe) we "ITOCHU Corporation" (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda baglaşyldy. 

Tebigy gazdan benzin öndürýän şunuň ýaly zawodyň birinji tapgyry Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda guruldy. Kärhananyň taslama kuwwaty “Euro-5” halkara standardyna gabat gelýän А-92 (RON-92) görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge deňdir. 

Ýene-de bir Çarçuwaly ylalaşyga «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen "Mitsubishi Heavy Industries, Ltd." (Ýaponiýa), "Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi" (Türkiýe) we "Mitsubishi Corporation" (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmegi, üpjün etmegi we doly gurup tabşyrmagy göz öňünde tutýar.

2022