Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

BT
Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, 2023-nji ýylyň 19-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Rustam Minnihanow hatynda foruma çagyrylandygy we Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Tatarystanyň Baştutany parahatçylygyň we ynanyşmagyň häzirki wagtda tutuş adamzadyň isleg bildirýän iň uly gymmatlyklarydygyny, olaryň berkarar edilmegi netijesinde ýurtlaryň howpsuzlygynyň, halklaryň abadançylygynyň üpjün edilýändigini, ruhy baýlygyň ösdürilýändigini we sazlaşygyň pugtalandyrylýandygyny belledi. Onuň nygtamagyna görä, öňde boljak forum öňüni alyş diplomatiýasynyň ösdürilmegine, döwletleriň özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň, durnukly ösüşiniň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Hatynyň soňynda Rustam Minnihanow öňde boljak çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga şatdygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany soňky gezek Aşgabada şu ýylyň 18-nji fewralynda saparyny amala aşyrypdy. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça gepleşikler geçirildi.

2022