Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň aprel – iýun aýlarynda Kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2025-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar. Şol bir wagtda bolsa, 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar harby gulluga çagyrylar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralara bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.