Türkmenistanyň we Mongoliýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary ýokary derejeli saparlara taýýarlygy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary ýokary derejeli saparlara taýýarlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Mongoliýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Batmunhiýn Batseseg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda ýokary döwlet derejesindäki saparlara taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyga garap, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça özara pikir alyşdylar.

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geldi.

Saparyň çäklerinde mongol Lideriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hem-de gepleşikleriň ahyrynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalar gol çekmek dabarasy geçirildi.

2022