2024-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyň möçberi 2,17 milliard ABŞ dollaryn deň boldy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok Aşgabatda geçiren metbugat maslahatynda mälim etdi.
Onuň bellemegine görä, bu aňryçäk görkeziji däldir. Iki ýurt hem söwda amallarynyň möçberini düýpli artdyrmagy meýilleşdirýär. Diplomat özara söwdanyň okgunly ösdürilmegi bilen ony 5 milliard dollara ýetirmek barada öňde goýlan maksada aňsatlyk bilen ýetiler.
Şeýle hem 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Ilçiniň pikirine görä, bu çäre ýurtlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolar. A.Demirok sergini üstünlikli geçirmek üçin degişli edaralaryň ähli goldawlary bermäge taýýardygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda degişli ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşyk 1,532 milliard dollara barabar bolupdy. Munuň özi ondan öňdäki ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim köpdür.