2025-nji ýylyň 10 – 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Osaka şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň Baş sekretary M.Içinoki we Protokol bölüminiň başlygy T.Hikiharo bilen gepleşikleri geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa bolmagy meýilleşdirilýän saparynyň guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini düzdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçiriljek çäreler barada durlup geçildi diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurduň milli gymmatlyklary, el halylary, senagat önümleri, ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri hem-de milli tagamlar we sowgatlyklar görkeziler.
“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Ykbalymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek” ady bilen geçiriler.