Türkmenistan Pakistanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen çärä gatnaşdy

BT
Türkmenistan Pakistanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen çärä gatnaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen çärede, 2025-nji ýylyň 10-njy fewraly, Gujranwala, Pakistan (Surat: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

10-njy fewralda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň bu ýurtdaky diplomatlary bilen bilelikde Pakistanyň Gujranwala şäherinde geçirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça çärä gatnaşdy. Gujranwala sebitiniň Söwda-ykdysady palatasy we Işewürlik merkezi tarapyndan guralan çäre sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirildi. 

Gujranwalanyň Söwda-senagat palatasynyň wekilleri bilen bolan duşuşykda gatnaşyjylar söwdany giňeltmek, kiçi we orta telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-senagat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi maýa goýumlary çekmek we sebit ýurtlarynyň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrmakda sergileriň we maslahatlaryň möhüm ähmiýetini belledi diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi. 

Gatnaşyjylaryň topary Türkmenistanyň başyny başlan, sebit parahatçylygyna we durnukly ösüşine ýardam etjek möhüm gurluşyk taslamalar bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem-de düşünişmezlikleri parahatçylykly çözmegiň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy. 

A.Möwlamow ýerli metbugata beren interwýusynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem ilçiler Gujranwalanyň Söwda-senagat palatasynyň ýanyndaky Söwdany ösdürmek merkeziniň açylyşyna gatnaşdylar, “Gujranwalada öndürildi” atly sergä gatnaşyp, ýerli önümleri synladylar. 

2022