2025: Türkmenistanda täze durmuş we önümçilik desgalary gurlar

BT
2025: Türkmenistanda täze durmuş we önümçilik desgalary gurlar
“Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda gurlan öýleriň açýylyş dabarasy, 2018-nji ýyl (Surat: TDH)

2025-nji ýylda Türkmenistanda 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygyna girişiler hem-de birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berler. Şu ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle iri gurluşyk taslamalaryň hatarynda Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, şol welaýatyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi hem bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini hem ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Şeýle hem Türkmenistanda BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany diňe bir Türkmenistanyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary döwletleriň görnükli işgärlerini sylaglamak hakynda degişli teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenilip, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe ýolbaşçylar wezipä bellenilip, wezipeden boşadyldy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022