Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasyny döretmek meselelerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu gazna bilelikdäki maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilişine ýardam eder diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gyrgyz telekeçileriniň aprel aýynda Türkmenistana meýilleşdirilýän tanyşdyrylyş işewürlik sapary baradaky teklipler maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu başlangyç işewürlik gatnaşyklary berkitmäge we bazarlardaky mümkinçilikleri öwrenmäge gönükdirilendir.
N.Atagulyýew Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gyrgyz telekeçilerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17 – 19-njy martynda geçiriljek sergä hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýum” atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. A.Madmarow Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň geçen ýylda geçirilen 6-njy mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de söwda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin yzygiderli gepleşikleri geçirmäge özara tagallalaryň ediljekdigi tassyklanyldy.