Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Onuň barşynda kompaniýanyň ýolbaşçysy türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi uly hormat hasaplaýandygyny, hususan-da, Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmek babatdaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyny belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde, hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.
Marten Buig dünýä derejeli taslamalaryň durmuşa geçirilişinde “Buig” kompaniýasynyň hemişe Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlaryna eýerendigini tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly halkara başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, şahergurluşyk we sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa ýokary ynam bildirýändikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň öz üstüne alan wezipeleri jogapkärçilikli durmuşa geçirmegi dowam etjekdigine we ynanylan taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
“Buig” – gurluşyk, gozgalmaýan emläk, telekommunikasiýalar we media ulgamlaryna iş alyp barýan köpugurly iri fransuz kompaniýasydyr. 1952-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa infrastrukturalaryň, ýaşaýyş we söwda desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda dürli ýurtlarda durmuşa geçiren iri taslamalary bilen giňden tanalýar. “Buig” energetika pudagynda hem netijeli iş alyp barýar hem-de maglumat tehnologiýalary we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatlary hödürleýär.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан