Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary fosfor önümçiliginiň galyndylary bilen bagly tejribeleri geçirdiler we kükürt hem-de azot bilen baýlaşdyrylan fosfogipsli melioranty almagyň täze usulyny işläp düzdüler. Bu önüm Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda öndürilýär.
“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berlişine görä, bu dökün ýetmezçilik edýän maddalaryň üstüni dolup topragyň düzümini gowulandyrýar we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrýar.
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda önümleriň täze görnüşleri işjeň taýýarlanylýar. Kärhana topragyň hasyllylygyny 20-25% artdyrýan oksigumatyň hem-de senagat kärhanalary üçin çalgy serişdeleri we ýyladyşhana hojalyklary üçin polietilen klýonkalary önümçilige goşmak bilen önümleriň gerimini giňeltdi.
Fosfor dökünleriň önümçiligi kärhananyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Geçen ýyl bu döküniň 184,1 müň tonnasy öndürildi.
Ylmy edaralar we hususy pudak bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk kärhana önümçilik işini döwrebaplaşdyrmaga we täze önümleri öndürmäge ýardam edýär. Kärhana diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, öz önümleirniň goňşy ýurtlara hem eksport edýär.
1960-njy ýylda işe girizilen Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy Türkmenistanda fosfor dökünlerini öndürýän ýeketäk kärhanadyr. Ol oba hojalygyny superfosfat we ammofos ýaly möhüm mineral dökünler bilen üpjün edýär. Geçen döwürde kärhana dökünleriň dürli görnüşleriniň, şol sanda ammoniý superfosfatynyň we organiki mineral garyndylarynyň önümçiligini özleşdirdi.