Ýanwar-maý: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6,6 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6,6 milliard manatdan geçdi
Raýatyň bank kartyny bankomata salýan pursady

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 6 milliard 604,25 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 5 milliard 807 million 888 müň 648 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 570 million 527,4 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 7 million 232,4 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 184 million 738,7 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 940,8 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 32 million 928,93 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň “Bank habarlary” atly elektron žurnaly

2022
ENG TM РУС