Türkmenistan-BMG: Daşky gurşaw, saglygy goraýyş ugurlary boýunça resminamalara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-BMG: Daşky gurşaw, saglygy goraýyş ugurlary boýunça resminamalara gol çekildi
“Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisiniň çäklerinde resminamalara gol çekmek dabarasy, 2024-nji 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni utgaşykly görnüşde geçirilen ministrliginde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisinde daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda “Howanyň üýtgemegine garşy durnukly suw dolandyryşy üçin mümkinçilikleri artdyrmak” atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda “Öri meýdanlary durnukly dolandyrmak üçin sanly çözgütleri işläp düzmek” atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda “Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi” atly taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak” atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.

2022