Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 15-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda duşenbe güni hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, hokkeý boýunça halkara ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşa gatnaşyjylar ugradan gutlag haty okaldy.

“Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirildi.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji milli bäsleşik 2012-nji ýylda geçirildi. 2015-nji ýyldan bolsa ýurduň sport ýaryşlarynyň senenamasyna ýene bir bäsleşik – Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna bagyşlanan hokkeý ýaryşy girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022