Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 17-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: Özbegistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda 2024-nji ýylyň 25-nji martynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky çuň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamasyna, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem şol gün Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibi boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen ilçisi we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 184,6 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022