Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň wise-prezidentini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň wise-prezidentini kabul etdi
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mark Bouman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we banklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi we tebigy serişdelere baý döwlet bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň wise-prezidenti Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmegiň, bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekdiler. Şeýle-de Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmakda uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022