Türkmenistan we Eýran halkara söwda, ulag gatnaşyklaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran halkara söwda, ulag gatnaşyklaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar
“Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy, 2024-nji ýylyň 12-13-nji fewraly, Tähran, Eýran.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Eýranyň Tähran şäherinde 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň, Günbatar-Gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, foruma Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda esasan hem üç sany gatnaw ugurlar, ýagny “Ýewropa - Russiýa - Azerbaýjan - Eýran – Hindistan”, “Russiýa - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran – Hindistan” we “Russiýa - Eýran – Hindistan” ulag geçelgeleri aýratyn bellenip geçildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, olarda Türkmenistanyň deňiz port ulgamy, milli deňiz söwda floty hem-de gämi gurluşyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen taraplar Eýranyň demirgazyk (Enzeli, Amirabad, Nouşehir we beýlekiler) portlarynyň kuwwatlygy, dolanşygy we beýleki daşary ýurt kompaniýalara ýeňillik bermek mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti “Behineh Tarabar Azhour” kompaniýasynyň baş geňeşçisi M.B. Akdam bilen tegelek stoluň başynda gepleşikleri geçirdi.

2022