Brýusselde Merkezi Aziýa-ÝB ulag forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brýusselde Merkezi Aziýa-ÝB ulag forumy geçiriler
Ýewropa Komissiýasynyň Ursula fon der Lýaýen “Ählumumy derwezeler: ÝB 2023” atly forumda çykyş edýär, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Reuters/Johanna Geron)

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde “Ählumumy derwezeler: Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygy” atly maýadarlar forumy geçiriler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berýär.

Forumyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag geçelgeleri boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrylar.

Bu çäre Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde we ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Transhazar ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirilendir.

Şeýle hem forum barlaglarda kesgitlenen meseleler boýunça anyk hereketleri amala aşyrmak bilen Transhazar ulag geçelgesiniň ugry boýunça maýa goýumlary durmuşa geçirmek we utgaşdyrmak işine başlangyç bermegi maksat edinýär

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň we olaryň institutlarynyň, halkara we ikitaraplaýyn maliýe edaralarynyň, şeýle hem hususy düzümleriň ýokary derejeli wekilleri hem-de raýat jemgyýetiniň agzalary gatnaşarlar.

Foruma gatnaşmak üçin görkezilen web-saýt arkaly bellige alynmak zerurdyr. Gatnaşyjylary bellige almak işi 10-njy ýanwara çenli dowam edýär.

2022