Ahal welaýatynyň çäginde täze mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň çäginde täze mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy gurlar
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasyndaky 600 orunlyk orta mekdebiň açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde orta mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda ylym-bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde guruljak 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

2022