Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýolagçy uçar gatnawy ýerine ýetiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýolagçy uçar gatnawy ýerine ýetiriler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahaty, 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwary, Abu-Dabi, BAE.

Şu ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýolagçy uçar gatnawy amala aşyrylyp başlanar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-ne iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda penşenbe güni geçiren iş maslahatynda mälim edildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-ne iş saparynyň çäklerinde penşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşdy

2022