Türkmenbaşy we Aktau portlary Rumyniýanyň porty bilen birikdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy we Aktau portlary Rumyniýanyň porty bilen birikdiriler
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty we Gazagystanyň Aktau porty Azerbaýjanyň kompaniýalarynyň üsti bilen Rumyniýanyň Konstanta portuna birikdiriler.

Bu taslamanyň çäginde demirýol we deňiz ulaglary arkaly bilelikdäki ýük daşamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Kirim haber ajansi” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu taslama Azerbaýjanyň demir ýolunyň “ADY Container” golçur kärhanasy we Hytaýyň “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler.

“ADY Container” konteýnerli otlylary Aktau we Türkmenbaşy portlaryndan Gruziýanyň Batumi portuna Hazar deňzi hem-de demirýol arkaly daşar. Soňra konteýnerler Batumi şäherinden “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen gämilerde Konstanta portuna alyp barlar.

Rumyniýanyň Konstanta porty Gara deňizdäki iň uly port bolup, ol Ýewropada iri portlaryň arasynda 17-nji ýerde durýar. Onuň tutýan umumy meýdany 3926 gektara barabardyr.

2022