Aşgabatdaky “100 çüwdürim” we “Baýram han türkmen” seýilgähleriniň durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky “100 çüwdürim” we “Baýram han türkmen” seýilgähleriniň durky täzelener
“Baýram han türkmen” seýilgähi, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän “100 çüwdürim” we “Baýram han türkmen” seýilgähleriniň durky täzeleniler.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň çägindäki “100 çüwdürim” we “Baýram han türkmen” seýilgähleriniň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.

2022